DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Owganystana goňşy ýurtlaryň ýörite wekilleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Özbegistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Russiýany, Täjigistanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda Owganystandaky ýagdaýlar, bu döwletde uzakmöhletleýin esasda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömekleriniň berilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň täzeden dikeldilmegine degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.

– Owganystana ynsanperwer kömegini bermek üçin Owganystan bilen serhetleşýän Termez şäherinde ulag-logistika merkezini döretdik. Häzir ony BMG-niň dürli düzümleri iňjeş peýdalanýar – diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismatulla Irgaşew belledi.

Şeýle hem Termez şäherindäki bilim merkezinde owgan ýaşlaryna bilim bermek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

 

Related posts

Gyrgyzystanda ilkinji Gün energiýasy elektrik stansiýasy açyldy

Ata Watan Eserleri

“Arçabil” myhmanhanasynda halkara media forumy geçirildi

Baýraktar TB2 :ilkinji gezek harby -okuw meýdan türgenleşiginde 

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment