JEMGYÝET

Türkmenistan-Malaýziýa-BAE: nebitgaz pudagynda möhüm ylalaşyk gazanyldy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanyň, Malaýziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm waka boldy.

Türkmenistanyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen Malaýziýanyň “Petronas Çarigali Sdn. Bhd” kompaniýasynyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC-XRG) arasynda şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Şertnama gol çekmek dabarasyndan soňra metbugat brifingi geçirildi. Metbugat brifinginde çykyş eden Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Malaýziýa hem-de BAE bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

– Şu günki taryhy senede “Petronas Çarigali Sdn. Bhd” kompaniýasy hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi milli nebit kompaniýasy bilen bilelikde Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän “Toplum-1” şertnamalaýyn sebitinde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek barada täze önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama baglaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu täze taslamanyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni, “Petronas Çarigali Sdn. Bhd” kompaniýasynyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi milli nebit kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak we satmak babatda şertnama gol çekilmegi hem wajyp hyzmatdaşlygyň dowamy bolup durýar – diýip, Maksat Babaýew belledi.

 

Related posts

Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Watanymyzyň Ykdysady Kuwwatynyň Hatyrasyna

vepa