BIZNES

Türkmenistan Gazagystandaky “Ulag we logistika” halkara sergisine gatnaşýar

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Ulag we logistika” XXVI halkara sergisi hem-de “Täze ýüpek ýoly” atly halkara ulag-logistika işewürler forumy geçirilýär. Onuň işine ürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Gazagystanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, bu iri çärelere gatnaşmak üçin Astana şäherine 25 döwletden ministrlikleriň ýolbaşçylary, işewürler hem-de halkara guramalaryň wekiliýeti bardy. Gatnaşyjy döwletleriň hatarynda Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Germaniýa, Eýran, Italiýa, Hytaý, Gyrgyzystan, Litwa, Latwiýa, Polşa, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Finlýandiýa we Estoniýa we beýleki döwletler bar.

Işewür forumda hünärmenler we gatnaşyjylar ulag ulgamlarynyň hyzmatdaşlygy we integrasiýasy, Orta koridoryň ugruny ösdürmek, şeýle hem multimodal ulag pudagynda täze tehnologiýalar we täzelikler, ýük daşamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we eltip bermegi gowulandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Iş meýilnamasyna goşmaça, ministrlikleriň, bölümleriň, birleşmeleriň we halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn ýygnaklar we gepleşikler meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew “Multimodal ulag geçelgeleri” atly forumda çykyş eder.

Related posts

Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportuny 9 milliard kilowat-sagada ýetirer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ile Japonya arasında ilk charter uçuşu başlıyor

vepa

Türkmen Liderinin Değerlendirmesi ve Belirlediği Hedefler

vepa