BIZNES

Türkmenistan “CASCA +” halkara multimodal geçelgesiniň döredilmegine işjeň gatnaşýar

2024-nji ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Gruziýanyň Batumi şäherinde Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altytaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onda taraplar “CASCA +” (“Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlary-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa”) halkara multimodal geçelgesini ösdürmäge degişli ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetine “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Nurberdiýew gatnaşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar logistika gurluşlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we berkitmek, CASCA + ulag geçelgesini işjeňleşdirmek we ýol, deňiz, demirýol we howa gatnawlarynda ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijesinde multimodal ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmäge we taraplaryň arasynda öndürijilikli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teswirnama gol çekildi.

Gruziýada bolmagyň çäginde gatnaşyjylar Poti şäherindäki täze multimodal konteýner terminalyna baryp gördüler.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy