DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen ÝUNOPS-yň hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar halkara gün tertibindäki meseleleriň giň toplumy boýunça özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi barada umumy pikir aýtdylar.

ÝUNOPS öz ygtyýarlyklarynyň çäginde Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň ulgamy bilen halkara taslamalaryna hyzmat etmekdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda bilelikdäki işi durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Bu nukdaýnazardan R.Meredow, ÝUNOPS-yň Türkmenistanyň Hökümetine milli ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemegiň çäklerinde meýilnamalary we taslamalary durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmäge ýardam bermeginiň ähmiýetini belläp geçdi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde saglygy goraýyş, infrastruktura, oba hojalygy, energetika, ýaşyl we sanly geçiş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly taslamalar kesgitlenildi.

Taraplar milli hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy