JEMGYÝET

Türkmenistan Bakudaky SPECA sammitine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 20-24-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) günleriniň çäginde – bu maksatnama gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçirilýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň başlyklyk etmeginde geçirilýän sammite Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Şeýle hem sammite gatnaşmak üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili Azerbaýjana bardylar.

Üstümizdäki ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) kabul edilenine 25 ýyl doldy. Sammitde bu maksatnamanyň çäklerinde BMG-nyň howandarlygynda SPECA-nyň  ýörite gaznasyny döretmek babatda pikir alşyldy.

SPECA günleriniň çäginde Bakuda ykdysady forum hem-de maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň senagat ugurly harytlarynyň sergisi guraldy.

Related posts

Liderler Denize Balık Bıraktı

vepa

Türkmen Lideri’nin kitabı Türkiye’de tanıtıldı

vepa

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi