SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web saýtynda Jidda (Saud Arabystany) hem-de Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň onlaýn-satuwyny ýola goýdy.

Aşgabat — Jidda ugrunyň awiapeteginiň bahasy — 4322,5 TMT, yzyna amala aşyrylýan gatnawyň (Jidda — Aşgabat) awiapeteginiň bahasy bolsa — 4383 TMT barabardyr. Bu howa gatnawlary 16-njy fewraldan başlap, hepdede 2 gezek tertibinde ýola goýlar.

Aşgabat — Hoşimin ugrunyň awiapeteginiň bahasy — 6002,5 TMT, yzyna amala aşyrylýan gatnawyň bahasy — 6047,5 TMT diýlip kesgitlenen. Bu ugurlar boýunça howa gatnawlary 5-nji martdan başlap, hepdede 2 gezek ýerine ýetiriler.

Şeýle-de «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň saýtynda ýakynda Abu-Dabi (BAE), Kuala-Lumpur (Malaýziýa) hem-de Milan (Italiýa) şäherlerine howa gatnawynyň petekleriniň onlaýn-satuwy elýeterli boldy.

Awiapetekleri «Altyn asyr» bank kartlaryndan töleg geçirmek arkaly satyn alyp bolýar.

Related posts

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Ähli karantina talaplaryny ýatyrdy

Ata Watan Eserleri

Kazan-Türkmenabat uçar gatnawy barada möhüm habar

Ata Watan Eserleri