BIZNES

Türkmenistan 6 sany “Boeing” satyn alar

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine 4 sany “Boeing 737-8” kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken ýene-de bir resminamasyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine 2 sany “Boeing 777-367/ER” kysymly howa gämisini satyn almaga rugsat edildi.

Bu resminamalara Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň 5 aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde gol çekildi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Related posts

Türk çaýynyň eksporty

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Belarusly işewürler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

Leave a Comment