DÜNÝÄ

Türkmen telekeçileri Daşkentde geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 8–11-i aralygynda Daşkentde geçiriljek «HоRеCа Uzbekistan» atly birinji halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Turizm boýunça komitetiniň goldawy bilen «UzEksposentr» sergi merkezinde geçiriler. «HоRеCа Uzbekistan» myhmanlary ýokary derejede kabul etmeklikde, işewür gatnaşyklary ýola goýmakda we täze hyzmatdaşlary gözläp tapmakda ýetilen täze sepgitleri görkezmek üçin özboluşly bir ýerlikdir.Sergi Özbegistanyň we daşary ýurtlaryň myhmanhana-restoran işiniň öňdebaryjy wekillerini, şeýle hem syýahatçylyk pudagynyň bilermenlerini bir meýdançada jemlär. Ol binanyň içki biçüwinden we hünäri enjamlardan başlap, awtomatlaşdyrma hem howpsuzlyk ulgamlaryna çenli giň gerimi öz içine alýar.Serginiň dowamynda, şeýle hem ýaşyl tehnologiýalara we sanlylaşdyrma bagyşlanan maslahat, ussatlyk dersleri, hünär bäsleşikleri, dünýä halklarynyň tagamlarynyň festiwaly geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar