SIZDEN GELENLER

 Türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň kökleri

Türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň kökleri gadymy taryhyň jümmüşinden öz başlangyjyny alýar. Taryh ylmynyň “paleolit” diýip atlandyrýan döwründe eýýäm şekillendiriş sungatynyň bir ugry bolan heýkeltaraşlyk daş serişdesini ulanyp ilkinji tebigy keşpleri döredýär.Daşy işläp bejermek usuly hünäriň, entäk iň irki hem-de ýönekeý görnüşi bolsa-da, geljekki heýkeltaraşlyk sungatynyň esasyny düzýär.Gadymy adamlaryň awlaýan haýwanlarynyň keşbini şekile geçirmek däbi bolýar.Olar dürli zatlary daşdan ýasamak hünärini has-hem kämilleşdirmekleri bilen, heýkel ýasamak ulgamynyň iň gadymy eserlerini döredýärler. Bu şekiller gadymy döwrüň däp-dessurly ynanç-yrymlary bilen gös-göni bagly bolupdyr. Esasan hem durmuşda orun tutan ýabany atlaryň, öküziň, sugunyň keşpleri köp sanda duş gelýär [ 19,22.].

Taryhyň “eneolit” döwründe ilkinji gezek adamlaryň çeper keşbi has aýdyň görnüşde döreýär. Bu döwürde  mis metaly ýüze çykmagyna garamazdan heýkeller esasan toýun palçygyndan ýasalýar. Olarda janly-jandarlaryň jyns tapawutlygy bellenilýär. “Bürünç döwri” Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki III-II müňýyllyklary öz içine alýar. Bu döwre degişli köp sanly aýal heýkeljikleri tapylypdyr. Sebäbi her bir maşgala ojagynda şeýle görnüşli heýkeljikleriň birnäçesini saklapdyrlar. Olary adamlar “keramatly ojagy” goraýan we rysgal-berekedi goraýan  hudaýlar hökmünde hasaplan bolmagy mümkindir. Şol sanda haýwanlaryň keşbi kämilleşip ýasalýar. Bu döwre degişli heýkeljikleriň içinde,  gymmat bahaly eserleriniň arasynda Altyndepeden tapylan möjegiň kellesi we oküziň kellesini hem görkezmek bolar[ 21,25.].

Mis, bürünç ýaly metallardan biraz soňra ulanylyp başlanan demir metaly adamlaryň ýaşaýşynda ägirt uly özgerişleri ýüze çykarandygy barada belläp geçmelidir. Alymlaryň belleýşine görä, miladydan öňki Х-VI asyrlaryň çäginde ülkämizde irki demir döwri bolýar. Demir gurallary zähmet öndürijiligi artdyrýar hem-de jemgyýeti baý-garyp gatlaklara bölýär. Şeýlelik-de,  miladydan öňki II müňýyllygyň ahyrynda “gul eýeçilik” diýip atlandyrylan eýýamy başlanýar. Şol döwüre degişli heýkeltaraşlyk eserleri özüniň tapawutlyklary we aheňleri bilen haýran galdyrýar. Olar gadymy Margiananyň, Horezmiň, Amuliň, Dähistanyň  we häzirki Türkmenistanyň beýleki çäklerinde  tapylýar. Olaryň arasynda iň belli bolan heýkel eserleri Parfiýa döwletiniň döwri bilen baglydyr. Bu döwrüň heýkeltaraşlary toýundan, gymmat metallardan, “şirmaýydan” – piliň süňkinden ýasandyklary  bellidir [25, 12.].

Miladydan öňki III asyra çenli bolan Gündogaryň ähli çäklerinde ýerleşýän ýurtlaryň sanynda Türkmenistan hem, öz günorta  böleginde uly syýasy özgerişikleri başyndan geçiripdi. Bu ýerde ilki ahemenileriň häkimiýeti pese gaçyp dargaýar, soňra bolsa Al-Iskender Zülkarnaýyň  döreden  döwleti hem dargap heläkçilige sezewar bolýar. Şeýlelik-de, Türkmenistanyň günorta çäginde ýaşaýan gadymy tire-taýpalaryň birleşmesi bolan “parlaryň” baştutanlygynda, takmynan  miladydan öňki 471-nji ýylda täze döwletiň düýbi tutylypdy. Ol bolsa, Türkmenistanyň çäklerinde gurlan ilkinji özbaşdak döwletdir. Ony esaslandyran  Ärsak serkerdesi “şa” derejesine bellenilýär. Onuň döwleti gysga wagtyň dowamynda öz çäklerini giňeldip günbatarda Kawkaz, Türkiýä, Siriýa ýaly döwletleri, gündogarda bolsa Merkezi Aziýanyň ülkesinden başlap Hindistana çenli baryp ýetýär. Döwletiň ýerli däplere daýanýan medeniýeti we sungaty barada belläp geçmelidir. Ýöne şol döwürde agalyk eden grek-rim medeniýeti hem oňa täsir edendigi barada hem ýatdan çykarmaly däl. Şonuň üçin parfýanlaryň heýkeltaraşlyk sungaty kämil görnüşinde orta çykýar. Olar toýundan, mermerden we dürli metallardan heýkelleri ýasalýar. Onda zenan gözelligi, esgeriň edermenligi, hudaýlaryň parasatlygy şöhlelendirilýär[18, 88.].

Türkmen topragynyň giňişliginde toparlaýyn ýaşan tire-taýpalar harby tärlerine ussat bolupdyrlar. Olaryň içinde “hunlar” we “gökoguzlar” diýip atlandyran toparlary bolsa, dünýewi tarynda öçmejek yzlary bilen bellenildi.  Taryhdan bilşimiz ýaly, miladydan öňki 214-nji ýylda gurulan “Hytaý diwary” hem olardan gorag görnüşine döredilipdir. Miladydanyň öňki birinji ýüzýyllygynda Beýik Hun döwleti  “Gündogar we Günbatar hunlar” diýlip atlandyrylýar. Soňra 220-nji ýylda bu imperiýa dargaýar. Olaryň  bir bölegi Dnepr derýasy bilen Aral kölüniň arasynda ýerleşýär we miladynyň IV asyra çenli bu ýerde mekan tutýar. Beýleki bölegi bolsa, Türkmenistanyň günbatar we demirgazyk sebitinde ýerleşýär. Soňra Balamyr-hakanyň (kagan) baştutanlygynda Hazar ýakalaryndan başlap tä Itil (Wolga) derýasynyň kenaryna çenli baryp, Günbatara tarap ýola düşýärler. Hunlaryň goşunlary “Beýik Rim” diýip atlandyrylan imperiýanyň serhedini dargadyp, demirgazyk Garadeňiz kenaryndan başlap, tä Ispaniýa çenli araçäkde häkimligi dikeldip, döwran sürýär. Taryhda  bu waka “Kowumlaryň beýik göçhä-göçlügi” diýip bellenýär. Ýewropada oňa 375-470-nji ýyllaryň aralygynda bellenen meşgur Atilla serkerdäniň guran döwleti hasaplanýar, ýagny  ol günbatar Hun imperiýasy bilen bagly bolýar. Şol gözýetmez alyslyklara uzap giden giňişligi, ata-babalarymyz (mazarüsti ýadygärlik hökmünde goýulýan) daş heýkelleri bilen belläp gidýärler. Olaryň kömegi bilen ildeşlerimiz, şol döwür aýry-aýrylykda ýaşan belli bir arkalary, ýagny nesil toparyny bellemegi aňladan bolmagy  mümkindir  [25, 7 .].

 

Döwlet Allabaýew,

Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrabynyň

 42 –nji orta mekdebiniň mugallymy.

 

«Balkan» gämi gurluyk we abatlaýyş zawodynyň resmi saýty döredildi

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty