JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň badalga almagy bilen gutlady.

Häzirki zaman şertlerinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini bellän Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň geljekde-de ählumumy ösüş bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlara ýetmekde Türkmenistany hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardyrygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada habar berdi. Bu Konsepsiýa sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesine uly kanagatlanma bildirip, ýokary derejede energetika, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ugurlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryp ýerine ýetirilişine garadylar.

Sebit hyzmatdaşlygyna hem-de öňde boljak bäştaraplaýyn görnüşdäki çärelere aýratyn ähmiýet berdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi