JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Samarkant şäherine bardy

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-ata şäherinde dostlukly saparyny tamamlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine bardy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Liderini Samarkant şäheriniň halkara howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşylady.

Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler we birnäçe medeni çärelere gatnaşylar.

Gepleşiklerde türkmen-özbek dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hzymatdaşlyk gatnaşyklaryny mundna beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Related posts

Putin Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti Gyzyl meýdandaky dabaralara gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy