JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň işi bilen tanyşdy

Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Aşgabat-Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Gurluşygy dowam edýän Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň ykdysady ösüşini hem-de Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýän giň möçberli desgadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň işleri, döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklandy.

“Altyn Nesil” hojalyk jemgyýetiniň ýol gurluşyk inženeri S.Ýowşanow ýoluň Aşgabat-Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada aýtdy. “Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam edýär” diýip, Ýowşanow nygtady.

Gahryman Arkadagymyz bu maglumatlaryň örän gowy görkezijidigini belläp, gurluşykçylary gazanýan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olaryň bu ugurda toplan iş tejribeleri, ýol gurluşygynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde yhlasly zähmet çekýän ýol gurluşykçylary bilen ýadygärlik surata düşdi we olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz ýol gurluşykçylara alyp barýan döwletli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi