JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. 

Şol gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Biz ýurdumyzyň 31 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet bolandygyna buýsanýarys we munuň üçin özümizi bagtly saýýarys. Geljekde-de özara syýasy erk-isleg hem-de uly gujurlylyk bilen berkidilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de sebit we halkara derejelerde ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Related posts

Nisan’da 3 Uluslararası Spor Yarışı Gerçekleştirilecek

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Cumhuriyet Bayramı Aşkabat’ta kutlanacak

vepa

Leave a Comment