DÜNÝÄ

Türki akademiýasynyň wekiliýeti Türkmenistana geler

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň binasynda ilçi Batyr Rejepow bilen Türki akademiýasynyň başlygy Şahin Mustafaýew bilen duşuşdy.

Şahin Mustafaýew Türki akademiýasynyň türki halklarynyň arasynda medeni we ruhy däp-dessurlary gorap saklamak hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi. Şeýle hem Türki akademiýasynyň 2024-nji ýylyň martynda “Änew-türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň açylyş dabarasyna dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen barmagy meýilleşdirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň ilçisi öz gezeginde 2024-nji ýylda türkmen şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda iki iri halkara forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüljekdigini belledi.

Hususan-da, maý aýynda medeniýet ministrleriň gatnaşmagynda halkara maslahat, güýzde bolsa, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Duşuşykda söhbetdeşler bilelikdäki çäreleri guramak, türki döwletleriniň alymlarynyň gatnaşmagynda medeni, ynsanperwer we ylmy gözlegleri geçirmek arkaly yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Türkmenistanyň ilçisi Türki akademiýasynyň başlygy Şahin Mustafaýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi