BIZNES

Türk we owgan telekeçiler suwuklandyran gaz satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşmalaryň barşynda Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler jemi 8 sany geleşik baglaşdylar.

Bäsleşikli söwdanyň özeni Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gaz boldy. Daşary ýurtly alyjylar önümiň her tonnasy üçin 460.50 ABŞ-nyň dollaryny teklip etdiler.

Jemi 4550 tonna suwuklandyrylan gaz eksporta iberiler. Geleşikleriň umumy mukdary 2,095.275 amerikan dollaryna barabar boldy.

Related posts

230 aile yeni evlerine kavuştu

vepa

Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy artdy

2022-nji ýylyň makroykdysady görkezijileri

Leave a Comment