JEMGYÝET

Türkiýe ― Moldowa: indi passport bilen syýahat edip bolar

19-njy fewralda Türkiýe bilen Moldowanyň arasynda wiza ýatyryldy. Indi iki döwletiň raýatlary birek-biregiňkä diňe daşary ýurt passporty bilen, wizasyz gidip, syýahat edip bilerler.

Ýöne munuň üçin raýatlaryň täze, çipli passportlary edinmegi zerurlykdyr. Şeýle passportlar edinilenden soň, Türkiýä we Moldowa her 180 günden syýahat etmek mümkinçiligi döreýär. Ýöne bir gezekki syýahatyň möçberi 90 günden geçmeli däldir.

Täze mümkinçilik babatyndaky ilkinji başlangyja iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan geçen ýylyň 17-nji oktýabrynda gol çekilipdi. Internet çeşmeleriniň ýazmagyna görä, Türkiýe moldowaly syýahatçylaryň iň kän isleg bildirýän döwletleriniň hatarynda. Geçen ýyl wiza şertleriniň bardygyna garamazdan, moldowaly syýahatçylaryň 35 göterimi (80 müň adam) Türkiýä syýahat etdi. Türkiýeden Moldowa bolsa 20 müň syýahatçy gitdi. Täze mümkinçilik 2019-njy ýylda bu sanlaryň has artmagyna şert döreder.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener