DÜNÝÄ

Tramp täze Rim Papasyny gutlady

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Robert Prewony Rim Papasy hökmünde saýlanmagy mynasybetli gutlady. Ol bu barada özüniň “Truth Social” jemgyýetçilik torunda habar berdi.

– Robert Prewonyň ilkinji amerikaly Rim Papasy bolmagy diýseň buýsandyrýar. Biziň ýurdumyz üçin uly şatlyk hem-de beýik buýsançdyr. Men Rim Papasy Leo XIV bilen duşuşmagy sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýip, Tramp belledi.

Watikanda konklaw mejlisiniň netijesinde dünýäniň dürli künjeginden gelen 130-dan gowrak kardinallar täze Rim Papasyny saýlady.

Rim Papasy şol bir wagtda keramatly ybadathananyň ýolbaşçysy hem-de Watikan şäher döwletiniň baştutany bolup durýar.

Related posts

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat Howa dialogy dörediler

Ata Watan Eserleri

Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi