DÜNÝÄ

TOPH gaz geçirijisi taslamasy Owganystanda täzeden başlaýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen boldy. Bu saparyň çäklerinde owgan tarapy bilen syýays we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owganystanyň “Tolonews” internet neşiriniň habaryna görä, türkmen wekiliýetiniň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, elektrik geçirijisi hem-de demirýol taslamalary babatda pikir alşandygy mälim edildi.

Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilen gurnan metbugat ýygnagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda syýasy we ykdysady meseleler boýunça oňat gepleşikleriň geçirilendigini belledi.

Muttaki iki günlük saparyň çäklerinde köp sanly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Şeýle hem Muttaki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi geçiriji barada pikir alşylandygyny we ýakyn wagtda bu taslamanyň Owganystanda hem durmuşa geçirilip başlanjakdygyny mälim etdi.

– TOPH, demirýol we elektrik energetika taslamalaryny maslahatlaşdyk we bu başlanan taslamalary ilerletmek babatda pikir alyşdyk – diýip bellän Muttaki Türkmenistan tarapyndan başy başlanan taslamalaryň ýakyn wagtda Owganystanda hem başlanjakdygyny mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy.

 

31-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Türkmenistan’da buğday hasat dönemi başladı

vepa

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň beýik maksatlary

vepa

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabara

Ata Watan Eserleri