JEMGYÝET

TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi taslamasy boýunça Owganystanda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu barada Owganystanyň milli kompaniýasy habar berýär.

Owganystanyň “DA Breshna Sherkat” elektrik energiýasyny öndürýän we paýlaýan milli kompaniýasynyň, Türkmenistanyň wekiliýetiniň we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirilip, onda köp sanly meseleler hem-de TOP taslamasy ara alyp maslahatlaşyldy.

3 gün dowam eden gepleşikleriň barşynda owgan tarapy Türkmenistanyň wekiliýeti  we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň wekilleri bilen 500 kW-lyk Andhoý-Şebergan-Puli-Humri taslamasy we Nur-ul-Jehad podstansiýasy barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirdi.
Mundan başga-da, owgan kompaniýasy Nur-ul-Jehad podstansiýasy üçin niýetlenilen enjamlaryň berilmegi babatda habar berdi.
Ýokarda agzalýan taslama bir hepdäniň dowamynda başlanar we onuň tamamlanmagy bilen Owganystana 100 MWt elektrik energiýasyny import etmäge mümkinçilik dörär.
Duşuşygyň jemleri boýunça Owganystanyň “DA Breshna Sherkat” elektrik energiýasyny öndürýän we paýlaýan milli kompaniýasynyň, Türkmenistanyň wekiliýetiniň we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň arasynda bilelikdäki teswirnama gol çekildi.
Taraplar dörttaraplaýyn duşuşygy gurnamak we möhüm ykdysady taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.
Owganystan Merkezi Aziýadan we Eýran elektrik energiýasynyň 80 göterimden gowragyny import edýär.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/mane-afrikanyn-in-gowy-futbolcysy/

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy