SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“THY”: Türkiýä geljek ýolagçylar üçin maglumat

Türkiýäniň milli awiakompaniýasy “THY” Türkiýe Respublikasyna geljek ýolagçylar üçin täze maglumat çap etdi. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýylyň 15-nji martyndan başlap, Türkiýe Respublikasyna geljek ýolagçylar (üstaşyr geçýän we 6 ýaşdan kiçi bolan ýolagçylardan başgalary) uçar gatnawyndan 72 sagat öňündne degişli sowalnamany doldurmalydyr.

Bu sowalnamany Türkiýäniň milli awiakompaniýasynyň internet sahypasyndan almak bolar. Şol ýerde “Türkiýe Respublikasyna girmek” atly sowalnama doldurylmalydyr we onuň kagyz görnüşindäki çap edilen nusgasy we elektron görnüşi uçar gatnawyndan öň barlanar.

Türkiýä gelýän 6 ýaş we şondan uly bolan ýolagçylar uçar gatnawyndan 72 sagat öň netijesi negatiw bolan “PCR” barlag netijenamalaryny görkezmelidir.

Bu ýagdaýlar barada has köp maglumaty internet sahypasyndaky ýurtlar boýunça gatnaw çäklendirmeleri sahypasyndan alyp bolar.

 

Öýde saklap bolmaýan, degip bolmaýan pul

 

 

 

Related posts

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Ata Watan Eserleri

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkiýe wizalary: saglyk wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy