DÜNÝÄ

«Telegram» Dubaýda tehnologik başlangyçlary amala aşyrmaga gatnaşar

Russiýanyň «Telegram» messenjer programmasynyň Birleşen Arap Emirliklerinde tehnologik taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagy mümkin. Bu meseleler «Telegramyň» esaslandyryjysy Pawel Durow bilen Dubaýyň şazadasy Hamdan bin Muhammet Al Maktumyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu duşuşykda orta atylan teklipler, geçirilen gepleşikler barada BAE-niň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda şazada Dubaýda tehnologik başlangyçlaryň ösdürilmeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetiniň uly boljakdygyny nygtady. Şazadanyň ― Dubaýyň häkiminiň pikirine görä, bu hyzmatdaşlyk bilelikdäki ösüş üçin täze şertleri döreder.

Pawel Durdow hem öz gezeginde, başlangyç ekoulgamyň, infrastrukturanyň we işewürlik üçin amatly kanunlaryň kömegi bilen Dubaýyň dünýä derejesine ýetmek isleýän zehinleriň we telekeçileriň merkezine öwrülendigini aýtdy.

Taraplar bilelikdäki başlangyçlaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Related posts

Türkmen Lider’den Putin’e tebrik mesajı

vepa

Awaza: Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Farah Kariminiň Türkmenistana sapary