JEMGYÝET

Taryhda şu gün: Ginnesiň rekordlar kitabynyň ilkinji neşiri çap edildi

Ginnesiň rekordlar kitabynyň ilkinji neşiri 1955-nji ýylyň 27-nji awgustynda neşir edildi. Bu kitaby Hýu Biwer esaslandyrdy. Ilkibaşda Ginnesiň rekordlar kitabynda MakUaýrter doganlar tarapyndan toplanan hem-de subut edilen ylmy maglumatlar ýerleşdirilýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen kitapda dürli adamlaryň has geň we täsin üstünlikleri peýda bolup başlady.

Häzirki wagtda Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäde iň köp tiražly kitaplaryň biridir. Stýuart Nýuport bu gymmatly kitabyň eýek-täk neşirçisidir.

Häzirki wagtda Ginnesiň rekordlar kitaby garaşsyz bir pudak bolup, dünýäniň 40 ýurdunda neşir edilýär we 37 dile terjime edilýär. Kitapdaky maglumatlayrň täzelenip durulmagy üçin dünýäniň dürli ýurtlarynda ýörite ygtyýarly komissiýalar döredildi.

Related posts

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türk-Türkmen İş Konseyi Başkanı Askeri geçidi izledi

vepa

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri