DÜNÝÄ

Täjigistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistana geldi

Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň Milli Mejlisiniň başlygy, Duşanbe şäheriniň başlygy Rustami Emomali resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada Täjigistanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Paýtagtymyz Aşgabadyň halkara howa menzilinde belent mertebeli täjik myhmanyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew, Täjigistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi we beýleki resmi adamlar garşylady.

Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň Milli Mejlisiniň başlygy, Duşanbe şäheriniň başlygy Rustami Emomali bilen bir hatarda Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň Milli Mejlisiniň wekilleri hem Aşgabada geldi.

 

 

Aşgabat halkara forumlara gatnaşýan myhmanlary garşylaýar

 

Related posts

Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Angola arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda oba hojalyk boýunça täze wise-premýer bellendi

Ata Watan Eserleri