TEHNOLOGIÝA

Sürüjisiz «KamAZ» synag edilýär

«Yandex» tarapyndan 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän awtonom ýeňil awtoulaglar guramasyna ýakynda «KamAZ» bilen Moskwanyň awtoulag ýollary döwlet uniwersiteti hem girdi.

Rus neşirleriniň ýazmagyna görä, häzir «KamAZ»yň «4308» kysymy Russiýanyň döwlet ylmy merkezinde synagdan geçirilýär. Bu ulagyň esasy aýratynlygy onuň sürüjisiz dolandyrylýanlygydyr.

Russiýa Hökümetiniň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda kabul eden Kararyna görä, sürüjisiz dolandyrylýan awtoulaglary Russiýanyň we Tatarystanyň ýollarynda hereket edip biler.

Eger synaglar üstünlikli geçse, kompaniýa ýakyn geljekde sürüjisiz «KamAZ»-lary köpçülikleýin öndürip başlar.

Related posts

“Meta” özüniň superkompýuterini işläp düzýär

Ata Watan Eserleri

3D printeri arkaly jaý guruldy

Türkiýäniň ilkinji astronawty gaýdyp geldi