SPORT

Şu gün dünýä çempionatynda haýsy duşuşyklar bar?

Düýn, habar berşimiz ýaly, futbol boýunça dünýä çempionaty badalga aldy. Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy Ekwadordan 2:0 hasabynda asgyn geldi.

Şu gün hem dünýä çempionaty 3 duşuşyk bilen dowam eder. Geçiriljek duşuşyklar şeýle:

“B” topary

Angliýa – Eýran

Duşuşykda braziliýaly emin Rafael Klaus eminlik eder. Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlaýar. 

“A” topary

Senegal-Niderlandlar

Duşuşykda Wilton Pereira Sampaio eminlik eder. Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlaýar. Bu iki milli ýygyndy ilkinji gezek özara duşuşyk geçirýär.

“B” topary

ABŞ – Uels

Duşuşykda katarly emin  Abdulrahman Al Jassim eminlik eder. Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlaýar. 64 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşýan Uelsiň milli ýygyndysy ýeňiş gazanmagy arzuw edýär.

Related posts

Makgregor täzeden dolanyp geler

Ata Watan Eserleri

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment