JEMGYÝET

Sport bäsleşigi – “Biznes reklama” gazetinde

Her hepdäniň duşenbesinde elimize gowuşýan “Biznes reklama” gazetiniň “Sport” sahypasyny okamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýanlar bar. Çünki sport – şu günümiziň sesi. Häzirki wagtda ýaşlaryň esasy gyzyklanýan ugurlarynyň biri. Ine, gazetiň bu günki “Sport” sahypasynda hem hemişekiler ýaly sport synçysy Mätgurban Mätgurbanowyň taýýarlamagynda gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Sahypada 4-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Atavatan Türkmenistan”, “Türkmenistan Sport” halkara Žurnallarynyň, “Türkmen sporty” gazetiniň redaksiýasynyň hem-de “Makul hyzmat” terjime merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen sport bäsleşigi barada ýazylan “Žurnalistler sport boýunça güýç synanyşdylar” atly habar hem orun alypdyr. Şol bäsleşige “Biznes reklama” gazetinden Kakamyrat Geldiýew sportuň şaşka görnüşinden gatnaşyp, ýeňişli oruna mynasyp bolupdy.  

Related posts

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Milli Liderimize Gyrgyzystanda Han atly bedew sowgat berildi

Türkmen Lider, Yılbaşı etkinliklerine katıldı

vepa