JEMGYÝET

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 24-25-nji iýuly aralygynda Çolpon-Ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri A.Saparow, Gyrgyzystanyň wekiliýetine Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işlenýän senagat ministri B.Torobaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti nygtaldy.

Taraplar energetika, oba hojalygy, medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurlygyny bellediler.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji Teswirnama gol çekildi we 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny import etmek baradaky gol çekilen resminamalary alyşmak dabarasy geçirildi.

Ýene-de okaň

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular