DÜNÝÄ

Şokoladyň paýtagty

Şokolad köpleriň söýýän önümi, esasan hem şokolada bolan isleg Täze ýyl baýramçylygy ýakynlaşanda oňa bolan isleg has-da köpelýär. Ýöne iň gowy şokolatlaryň nirede öndürilýändigini bilýän adam az bolsa gerek. Onda bilmek isleýäňizmi?!

Brýusel şäheri diňe bir Belgiýa patyşalygynyň paýtagty we Ýewropanyň ýüregi bolman, eýsem bütin dünýäde şokolad önümleriniň paýtagty hasaplanýar. Eýýäm ýüz ýyl bäri Brýusel şäheri şokolad söwdasynyň öýi hökmünde tanalýar. Ol ýerde şokolad önümleriniň 300-den gowrak görnüşi öndürilýär. Dünýä ýüzündäki şokolady söýýän müşderiler hem dünýäde iň gowy şokalad önümleriniň Belgiýa döwletinden gelýändigini belleýärler.

Ýewropada, şokalad önümleri öz taryhyny 16-njy asyrdan alyp gaýdýar. Şol asyrda Ispaniýa döwletine kakao däneleri  Meksikadan getirilip başlanýar. Şol döwürlerde kakao däneleri söwdada puluň ornuny tutupdyr. Haçanda, Belgiýanyň patyşasy Leýpold II Kongany basyp alyp ony öz kolonýasyna öwüreninden soň müňlerçe tonna kakao däneleri Kongadan gämiler arkaly getirilip başlanýar. Şondan soňra bolsa, Belgiýada şokolad senagaty ösüp başlaýar.

Şu günki günlerde Belgiýa döwleti her ýylda 170 müň tonna şokolad öndürip, ony şol döwletde ýerleşýän 2000 den gowrak dükanalara satmak üçin paýlaýar. Her ýylda her bir belgiýaly 11 kilogramdan gowrak şokolad satyn alýar. Brýusele gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň  hiç biri şol şokolad önümlerini dadyp görmezden gitmeýärler. Brýusel şäherinde aýratyn syýahatçylar üçin şokolad gezelençler gurnalýar. Ol ýere barýan syýahatçylar diňe bir şokoladyň tagamyny dadyp  görmän, eýsem, onuň nähili taýýarlanşyna hem şokolad muzeýlerinde tomaşa edip bilýärler.

Eger-de Belgiýa döwletine syýahat etmek isleseňiz ýa-da iş sapary bilen gitseňiz,  Brýuseliň şokolod önümlerini dadyp görmegi duşuňyzdan geçirmäň!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

O.Vellayeva

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy