BIZNES

SOCAR bilen german kompaniýasy gaz satyn almak boýunça 10 ýyllyk şertnama baglaşdy

Germaniýanyň SEFE (Securing Energy for Europe) kompaniýasy Azerbaýjanyň “SOCAR” döwlet gaz kompaniýasy bilen 10 ýyllyk gaz satyn almak baradaky şertnama gol çekdi. Tebigy gaz 2025-nji ýylda iberilip başlanar.

Bu barada SOCAR-yň habaryna salgylanyp “Report” agentligi habar berýär.

“Ýyllyk möçber kem-kemden 15 terawatt-sagada (TWs) çenli artdyrylar, bu bolsa takmynan 1,5 milliard kub metre deňdir. Bu hyzmatdaşlyk önümçilige we gaz kompressory ýaly infrastruktura maýa goýumlaryny goldar, Ýewropa akýan tebigy gazynyň m]cberini artdyrar” diýlip, metbugat beýannamasynda aýdylýar.

“Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde, Ýewropa uly möçberde gaz iberiljek täze ugur döredilýär. Munuň özi tebigy gazyň diwersifikasiýalaşdyrmagyna getirer we sarp edijileriň üpjünçilik howpsuzlygyny ýokarlandyrýar” diýip, SEFE-niň ýolbaşçysy Egbert Lege aýtdy.

“SOCAR infrastruktura we önümçilik mümkinçiliklerine maýa goýmaga ygrarly bolmagynda galýar, hyzmatdaşlarymyza ygtybarly we üznüksiz energiýa üpjünçiligini üpjün edýär” diýip, SOCAR-nyň ýolbaşçysy Rowşen Najaf belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder