DÜNÝÄ

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasynda saparda boldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Marek Eştok bilen duşuşdy.

Slowakiýa we Türkmenistan ykdysady işjeňligi güýçlendirmek üçin hökümetara şertnama baglaşmak üçin iş alyp barýarlar.

Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň belleýşi ýaly, syýasy ugurlardan başga-da, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýollaryny gözlemegiň möhümdigini belledi.

“Biz Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde strategiki ähmiýete eýe ýurt hökmünde kabul edýäris. Şol sebäpden, syýasy we ykdysady gepleşikleri goldamak we täzeden işjeňleşdirmek isleýäris “-diýdi Marek Eştok belledi.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara şertnamanyň taslamasy işlenip düzülýär. Onuň netijesi ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin aýratyn mümkinçilikleri kesgitlemek bolar.

Türkmenistan Slowakiýanyň suw baýlyklaryny dolandyrmak tejribesi bilen gyzyklanýar.

Döwlet sekretary: “Slowakiýa sebitdäki beýleki ýurtlar bilen eýýäm işjeň hyzmatdaşlyk edýän bu ugurda nou-hau hödürlemäge taýýardyr” -diýdi.

Şeýle hem azyk, energiýa we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi.

Duşuşykda hyzmatdaşlar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaaşyp, talyp haky maksatnamalaryny ulanyp, Slowakiýanyň uniwersitetlerinde türkmen talyplary üçin bilim tejribelerini giňeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy