Önümçilik gatnaşyklarynyň ösmegi bilen alnyp barylýan önümçilik işleri hem ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşip başlaýar. Taryhda bolup geçen senagat rewolýusiýasy özüniň ösüş tapgyrynda “Senagat 1.0” adalgasyndan gözbaş alyp gaýdýar.
“Senagat-1.0” adalgasynda önümçilikde buguň güýjüni ulanmak we önümçilik mehanizasiýasyny gurnamak bilen başlanypdyr. Bu senagat rewolýusiýasy XVIII asyra degişlidir. Senagat önümçiliginde buguň güýjüniň ulanylmagy adamlaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaklyga uly ýardam beripdir. Bu döwürde bug görnüşli hereketlendirijiler peýdalanylyp başlanypdyr. Olaryň ulanylyp başlanmagy önümçilikde birnäçe üýtgeşmeleriň ýüze çykmagyna getirdi, taýýar bolan harytlar gysga wagtyň dowamynda gerekli ýerlere eltildi.
Senagat rewolýusiýasynyň ösüşinde XIX asyrlarda “Senagat-2.0” adalgasy peýda boldy. Bu döwürde elektrik we gurnama işler ýüze çykdy. Ondan soňra bolsa XX asyryň 70-nji ýyllarynda täze senagat öwrülişigi bolup, “Senagat-3.0” adalgasy uly meşhurlyga eýe boldy. Önümçilikde kompýuterleri ulanyp, bölekleýin awtomatlaşdyrma işleri başlandy.
Bu işlerden soňra “Senagat-3.0” adalgasynyň üstüni ýetirmek üçin kem-kemden “Senagat-4.0” adalgasy peýda boldy. Kompýuter tehnologiýasyna esaslanýan önümçilik ulgamlary tor birikmesine birikdirildi we olar kämilleşdirildi, internet ulgamy uly ösüşe eýe boldy. Şeýle hem bu adalganyň çäklerinde “Akylly” zawodlar peýda bolup başlady. Önümçilikde bu maksat üçin döredilen robotlardan peýdalanylyp başlandy.
Oba hojalygyna we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryna “akylly” tehnologiýalar giňden ornaşdyrylandan soň, senagat rewolýusiýasynda “Senagat-5.0” adalgasy hem ýüze çykdy.
Häzirki wagtda senagat taýdan ösen döwletlerde önümçilik işlerini has-da ýokary derejede guramak we innowsion sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler giň gerim bilen durmuş geçirilýär. Bu işleriň netijesinde peýda bolan “Senagat-5.0” adalgasy önümçilikde zähmet çekýän adamlar bilen bilelikde işleýän robotlary we beýleki “akylly” maşynlary aňladýar.
Bu adalga internet ulgamlarynyň has-da ýokary derejede ösmegi bilen adamlaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga kömek edýän robotlary ulanmaklygy häsiýetlendirýär.
Önümçilikde ulanylýan robotlar adamlar ýaly zähmet çekseler-de, olaryň pikirlenme ukyby we döredijilikli zähmeti ýokdur. Olaryň adamlar bilen bilelikde zähmet çekmegi önümçiligiň ýokary göterilmegine ýardam berer.
Maýsa Berdiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.