DÜNÝÄ

Saud Arabystanynyň ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna we ýokary derejedäki duşuşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Bu ugurda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň işine uly ähmiýet berildi.

Taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň ykdysadyýet we maýa goýum ulgamy boýunça derwaýys meseleler hakynda gürrüň etdiler hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler