DÜNÝÄ

Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji maslahaty öz işine başlaýar

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadov Samarkantda öz işine başlaýan ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň öňüsyrasynda metbugat wekilleri üçin brifing geçirdi.

Esasy maglumatlar:

* Bu taryhy waka soňky 40 ýylyň dowamynda ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň Pariždäki merkezi edarasyndan daşary we ilkinji gezek Merkezi Aziýada geçirilýär. Sessia guramanyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýär;

* 43-nji sessiýa sebitiň taryhynda iň iri halkara forumlaryň biri bolar. Oňa 190 agza döwletden we halkara guramalardan 2800-den gowrak wekili, şol sanda 70-e golaý ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar;

* Açylyş dabarasyna myhman hökmünde Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç we Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Peter Pellegrini gatnaşarlar. Olar bu ýurda resmi sapar bilen gelipdirler;

* Samarkant sessiýasynyň çäklerinde 150-den gowrak dürli çäre, şol sanda Özbegistan tarapyndan başy çekilýän 20-den gowrak çäre geçiriler;

* Açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşar we çykyş eder;

* ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň işine dünýäniň we milli metbugatynyň 500-den gowrak žurnalisti syn eder. Samarkantda olaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.

 

Related posts

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýanyň Prezidentleri golf klubynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Fatima Tuz Zehra: Aşgabat – gözellik, parahatçylyk we ösüş paýtagty

Ata Watan Eserleri