TEHNOLOGIÝA

Şäherara ilkinji uçýan taksi synag edildi

Hytaýyň “AutoFlight” kompaniýasy şäherara gysga aralyga ýolagçy gatnatmak üçin işlenip düzülen elektrikli uçýan taksisi synag uçuşyny amala aşyrdy.

Kompaniýanyň beren beýanatyna görä, synag uçuşy ýurduň günortasyndaky Guangdong welaýatyndaky derýasynyň iki tarapyndaky Sinjan we Juhai şäherleriniň arasynda “Prosperity” konsepsiýa ulagy bilen amala aşyryldy.

Kompaniýa 20 minut dowam eden synag uçuşynyň “dünýädäki ilkinji şäherara howa taksi hyzmaty” bolandygyny habar berdi.

Alty hereketlendirijili uçýän taksi 250 kilometr belentlige çykyp, uçarman bilen birlikde 5 adamy kabul edip biler. Ulag sagatda 200 kilometre çenli tizlige ýetip biler.

Related posts

“Apple” kompaniýasy Hindistanda 14 milliard dollarlyk önüm öndürdi

Ýewropada iň köp satylan ulag

«Apple» täze howa maglumatyny çaklaýan programma satyn aldy