BIZNES

Russiýanyň işewür toparlary yzygiderli Türkmenistana gelerler

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Golaýda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň ýurdumyza sapary we geçirilen türkmen-rus işewürler forumy ykdysady hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrdy.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň işewür toparlary 2 aýda bir gezek Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Russiýanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Wladimir Padalko “TASS” habarlar gullugyna habar berdi.

– Biz Türkmenistandaky işlerimizi has-da giňeltmek ugrunda tagalla edýäris. Aşgabatda geçirilen türkmen-rus forumynyň çäklerinde goşmaça wezipeler kesgitlendi. Şonuň netijesinde, 2 aýda bir gezek sebitleriň işewürleriniň saparlaryny guramak meýilleşdirilýär – diýip, Padalko belledi.

Onuň aýtmagyna görä, ilkinji bolup, Lipesk oblastynyň işewür wekilleri Türkmenistana gelerler. Aprel aýynda bu sebitiň 40 işewüri Türkmenistanda bolarlar. Olar metallurgiýa, gök önümçilik, azyk önümleri, hojalyk tehnikalary we awtoulag tekerleriniň önümçiligi bilen meşgullanýarlar.

Wladimir Padalko Aşgabatda geçirilen işewürler forumy diňe özara pikir alyşmalar derejesinde bolman, eýsem ikiçäk duşuşyklar, birža hyzmatdaşlygy ýaly ugurlarda dowam etdiriljekdigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçirilen işewürler forumynda umumy bahasy 150 milliard rubl möçberinde köp sanly ylalaşyklar gazanylypdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar