DÜNÝÄ

Robert Frensis Prewo – täze Rim Papasy

Watikanda konklaw mejlisi tamamlanyp, onda kardinallar Rim katolik ybadathanasynyň nobatdaky ýolbaşçysy saýlady. Kardinallaryň ses bermek dabarasynyň tamamlanandygyny we täze Rim Papasynyň saýlanandygyny Sikstin kapella binasyndan ak tüssäniň çykmagy bilen mälim boldy.

Kardinallaryň ses bermegi bilen amerikaly Robert Frensis Prewo Rim Papasy hökmünde saýlandy we ol Leo XIV adyny aldy.

Ozalky Rim Papasy Fransiskiň 88 ýaşynda aradan çykandna soňra dünýäniň dürli künjeginden gelen 130-dan gowrak kardinallar täze Papany saýlamak üçin ses berdiler.

Ses bermek işi 7-nji maýda başlady. Ses bermegiň ilkinji tapgyrlarynda Papany saýlamak başartmady. Ony hem Sikstin kapella binasyndan gara tüssäniň çykmagy mälim etdi.

Kardinal Robert Frensis Prewo ABŞ-nyň Çikago şäherinden bolup, mundna beýläk Papa Leo XIV hökmünde atlandyrylar.

Şeýlelikde, Robert Frensis Prewo Rim Papasy hökmünde saýlanan ilkinji amerikaly boldy. Şeýle hem ol 267-nji Rim Papasy diýen derejä eýe boldy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkdaky ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary