JEMGYÝET

Pan Gi Mundan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlag haty

Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Assambleýasynyň prezidenti we Geňeşiniň Başlygy Pan Gi Mundan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy.
Bu hatda şeýle diýilýär:

Siziň Alyhezretiňize we maşgalaňyza 2023-nji ýylda berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Assambleýasynyň prezidenti hem-de Geňeşiniň Başlygy bolmak bilen, Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn.

Siziň bilşiňiz ýaly, Ählumumy ýaşyl ösüş instituty 45 agza döwletden ybarat halkara hökümetara gurama bolup durýar we 2022-nji ýylda guramamyza Türkmenistanyň hem goşulandygyna örän şatdyryn.

“Ýaşyl” ösüş nusgasyny peýdalanmak syýasatyny işläp taýýarlamaga goldaw bermek hem-de döwlet we hususy çeşmelerden maýa goýumlary çekmek maksady bilen, biziň institutymyz ösüp barýan ykdysadyýetli ýurtlarda durnukly ykdysady ösüşe ýardam bermek üçin özüniň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydyr.

Ählumumy ýaşyl ösüş instituty howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň we Ählumumy pandemiýadan soňra ekologik taýdan dikeltmek çäreleriniň maksatlaryny gazanmak üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, şeýle hem Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga umyt edýär.

Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin we berk jan saglyk, täze wezipäňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri