DÜNÝÄ

Pakistan tarapy Arkadag şäherine ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Pakistanyň Häzirki zaman dilleri milli uniwersitetiniň (NUML) rektory Muhammad Jaffar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen-pakistan gatnaşyklary we ylym-bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistan tarapyna Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi barada gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrylyş geçirildi.

Türkmen tarapy ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny bellemek bilen, TOPH we TOP bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.

Pakistan tarapy Arkadag şäheriniň gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem Pakistanyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşjak TOPH we TOP taslamalaryň tiz wagtda durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belledi.

Taraplar ylym-bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bilelikdäki çäreleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we NUML uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Raşad Nabiýew: ‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy