DÜNÝÄ

Özbegistanda parlament saýlawlary: Türkmenistandan synçylar hem gatnaşdy

Özbegistan Respublikasynda ilkinji gezek parlameny saýlawlary täze ulgamda geçirildi. goňşy döwletdäki parlament saýlawlaryna Türkmenistanyň wekiliýeti hem synçy hökmünde gatnaşdy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow Özebgistandaky saýlawlara halkara synçylaryň hatarynda gatnaşdy.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komitetiniň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew parlament saýawlarynyň netijeleri boýunça 5 syýasy partiýa Özbegistanda parlamentinde orun almagy başardy. 

Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy hem-de “Milliý tiklaniş” demokratik partiýasy ýurduň parlamentiniň aşaky palatasynda has köp orun aldy.

Özbegistanda nobatdaky parlament saýlawlary düýn, ýagny 27-nji oktýabrda geçirildi. Ilkinji gezke 5 ýyl möhlet üçin deputatlar mažorit-proporsional ulgamda deputatlyga saýlandy.

Netijede, 150 deputatyň 64-si ýurdy dolandyrýan Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasynyň dalaşgärleri boldy. “Milliý tiklaniş” demokratik partiýasy 29, “Adolat” partiýasy 21, Özbegistanyň Halk-demokratik partiýasy 20 we Ekologiýa partiýasy 16 orun aldy.

Saýlawlara saýlawçylaryň gatnaşygy 74.72 göterime deň boldy.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komitetiniň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow bilen duşuşdy.

Myhmanlarymyz ýurduň saýlaw kanunçylygy baradaky habarlar bilen tanyşanlarynda, şol ugurdaky oňyn üýtgeşmelere ýokary baha berdiler. Häzirki saýlawlaryň halkara demokratik ýörelgelerine doly laýyk gelendigi bellenildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi