SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Onkologiki kesellere garşy göreşýän gök önüm

Amerikaly alymlar kelemiň ýygy-ýygydan ulanylmagynyň ömri uzaldýandygyny, bedeni onkologiki kesellere sebäp bolýan howply çişmelerden goraýandygyny subut etdiler.

Kelem K we V6 witaminlerine, kalsiý, kaliý, tiamin we foliý kislotasyna baýdyr. Mundan başga-da,onuň düzüminde C witamini we marganes ýaly antioksidantlar bar. Önümdäki sulforafan  bolsa rak we dürli bakteriýalara garşy göreşýär. Hut şu birleşme sebäpli aşgazan asty mäzinde rakyň döreme howpuny azaldýar.

Hünärmenleriň pikiriçe,dowamly çişme ýagdaýy DNK-nyň zaýalanmagyna sebäp bolýar, bu bolsa öz gezeginde rak keseliniň döremegine sebäp bolýar. Kelemiň düzümindäki ýokumly maddalary saklamak üçin, ony bug bilen bişirmek maslahat berilýär.

Garaşsyzlyk baýramy: asmandaky öwüşginli pursatlar

 

Related posts

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Azerbaýjanda käbir çäklendirmeler ýatyrylýar

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar