JEMGYÝET

Myhmana gadyrly Watan

Saba säherlerinde mymyk ýeller öwüsýän, oba-şäherlerinde parahatlyk, asudalyk höküm sürýän ülkämizde mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyz eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda ösüşleri bedew badyndan-da ozduryp barýan ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan syýahatçylyk pudagy we myhmanhanalar ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär we dünýä derejesinde ösdürmäge amatly mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň kabul edýän kararlary halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny gorap saklamagyň, ony dünýä ýüzüne giňden tanatmagyň, wagyz etmegiň ýolunda wajyp ädimlere öwrüldi. Ilimiziň myhmansöýerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly nusgalyk häsiýetleri bu gün ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň ak ýürekli garaýyşlaryna, halkymyz hakynda diňe gowy hem dogry düşünjelere eýe bolmaklaryna sebäp bolýar. Bu bolsa, türkmen halkynyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerýändigini görkezýär.

Bilşimiz ýaly, gadymy döwürlerde hem Beýik Ýüpek ýoly arkaly amala aşyrylan syýahatçylyk pudagyna häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde hem aýratyn üns berilýär. Syýahatçylyk jemi içerki önümi emele getirmekde, goşmaça iş orunlaryny döretmekde we ilaty iş bilen üpjün etmekde, söwda deňagramlylygynyň işjeňleşmeginde ähmiýetli orny eýeleýär. Dünýäde iri nebitgaz gorlaryna baý bolan döwletler hem ýurdunda syýahatçylygy ösdürmek üçin uly möçberde maýa goýum goýýarlar. Çünki, bu pudak tükeniksiz girdeýjili pudak hasaplanýar, tebigy baýlyklar welin irde-giçde tükenmeli. Şol nukdaýnazardan hem, parasatly Prezidentimiz syýahatçylyk pudagynyň ösmegine uly üns berýär.

Syýahatçylygyň esasy we möhüm serişdeleriniň biri-de, ýerleşdiriş serişdeleridir. Häzirki wagtda syýahatçylyk pudagynda iň möhüm ýerleşdiriş serişdeleri hökmünde myhmanhanalar çykyş edýär. Halkara syýahatçylyk pudagy belli bir derejede myhmanhana pudagynyň hyzmatlaryna daýanýar. Häzirki döwürde her bir syýahatçy öz baran ýurdunda kaşaň myhmanhanalaryň aňrybaş hyzmatlaryndan doly derejede peýdalanyp bilýär. Adamlaryň iň zerur islegleri kanagatlandyrylmasa, ýerleşmek we iýmitlenmek zerurlygy üpjün edilmese, onda hiç hili myhmanhana hakynda gürrüňem bolup bilmez.

Eýsem, myhmanhana näme? Bilermenleriň berýän kesgitlemesine görä, myhmanhana – bu öz öýüniň çäklerinden wagtlaýyn gidýän adamlara hyzmat toplumyny hödürleýän kärhana. «Myhmanhana» sözi gadymy latyn «hospitalis» sözünden gelip çykypdyr diýen pikir öňe sürülýär. Ol «myhmansöýerlik», «myhmanparazlyk» ýaly manylary berýär. Myhmanparazlygyň ösmegi köp ýyllaryň dowamynda kämilleşen baý taryhy ösüşe esaslanýar. Ilkinji myhmanparazlyk kärhanasy «tawerna» diýlip atlandyrylypdyr. Tawernalar baradaky maglumatlara miladydan öňki 1700-nji ýylda Wawilonyň patyşasy Hammurapiniň çykaran kanunynda duş gelinýär. Şeýle tawernalar uly portlarda ýa-da Atlantik ummany bilen birleşýän derýalaryň kenarlarynda ýerleşdirilipdir. Gadymy Gresiýada miladydan ozalky I müň ýyllykda tawernalar sosial we din durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ýuwaş-ýuwaşdan bularda iýmitlendiriş hyzmatlaryna goşmaça ýatymlyk ýerler hödürlenip başlanýar we şonuň bilen birlikde, tawernalar ilkinji «kerwensaraýlara» öwrülýär.

Myhmansöýerligi, dostanalygy bilen dünýä halklaryna özüni aldyryp bilen milletimizde ilkibada myhmanhanalara, şol döwrüň dili bilen aýtsak, kerwensaraýlara kän bir hajat duýulmandyr. Ýöne köp sanly kerwen ýollarynyň, esasanam Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşibem dünýä medeniýetine goşulmazlyk mümkin däldi.

Kerwensaraýlar, esasan, şäherlerde we kerwen ýollarynyň ugrunda gurlupdyr. Olaryň iň bellisi gadymy Amul şäherinden Köneürgenje gaýdýan kerwen ýolunyň ugrunda gurlan «Daýahatyn» kerwensaraýydyr. Darganata etrabynyň çäginde ýerleşen bu kerwensaraý şol döwürde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu kerwensaraýyň gurluşygy Seljuk türkmen döwletiniň iň kuwwatly döwrüne degişli bolupdyr. Hatda kerwensaraýyň gurluşygy üçin gerek bolan serişdeleriň şol döwürde Seljuk türkmen döwletiniň paýtagty bolan Merwden getirilendigine käbir taryhy maglumatlarda duş gelmek bolýar. Mundan başga-da, iýmitlendiriş hyzmaty ýatymlyk ýerler, düýedir atlary saklamaga niýetlenilen ýerler, daşky howplardan goraglylyk, garaz, myhmanlara hyzmatyň aňrybaş derejesi hödürlenipdir. Türkmen ýigitleriniň kerwenleri gorandygy barada mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji neşirinde hem aýdylýar.

Şol döwürler gadymy türkmen topragynyň çäginde kerwensaraýlaryň başga-da birnäçesi gurlupdyr. Änew bilen Nusaýyň demirgazygynda ýerleşýän «Gyzyljagala» kerwensaraýy hem kerwen ýolunyň esasy duralgasy bolupdyr. Ol iki bölekden, ýagny myhmanhanadan we malsaraýdan ybarat bolup, myhmanlar üçin iň rahat kerwensaraýlaryň biri hökmünde tanalypdyr. Şeýle kerwensaraýlaryň ýene biri, şu güne çenli öz durkuny saklap, biziň günlerimize gelip ýeten «Emin Ýahudi» kerwensaraýydyr. Onuň ady şol döwürler ýaşap geçen belli täjiriň ady bilen baglanyşyklydyr. Kerwensaraý gadymy Amul şäheriniň töwereginde gurlupdyr, Gadymy Merwden Amula barýan kerwen ýolunyň ugrunda «Akjagala» kerwensaraýy hem ýerleşipdir. Bu kerwensaraý, esasanam ýükler, mallar we ot-iým üçin niýetlenipdir. Bulardan başga-da günorta-günbatar Türkmenistanyň uly ykdysady, söwda, hünärmentçilik we medeni merkezleriniň biri bolan Dehistanyň çäklerinde hem kerwensaraýlaryň birnäçesiniň bolanlygy arheologik barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryldy.

Taryhymyzda adyny agzap geçen kerwensaraýlarymyzyň bolmagy myhmanparazlygyň ýurdumyzda asyrlarboýy dowam edip gelýändigine şaýatlyk edýär. Çünki kerwensaraýlary myhmanparazlyk bilen baglanyşdyrmazlyk mümkin däl. Halkymyzyň zandynda myhmansöýerligiň, adamkärçiligiň ýokary derejede bolandygyny şol kerwensaraýlardan hem göz ýetirmek bolýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ilkibaşda türkmenlerde kerwensaraýlara hiç hili zerurlyk duýulmandygynyň özi hem türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň nyşany hökmünde öňe çykýar. Çünki türkmen myhmana öýüniň töründen orun beripdir. Garasaý, bir söz bilen aýdanyňda gelýän myhmandyr-mediwanlar üçin myhmanhana — türkmeniň öýüniň töri bolupdyr.

Häzirki wagtda döwrüň talabyna laýyklykda, şäherlerde, welaýatlarda kaşaň myhmanhanalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Diňe bir Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň özi-de bu ugurda dünýä derejesine ýetilenliginden habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, şol myhmanhanalarda hem türkmen halkynyň milliligine mahsus alamatlar görnetin duýulýar. Daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň ýüzündäki hoşallyk alamatlaryny, gözlerindäki şatlyk uçgunlaryny görüp, myhmanhanalaryň marketing maksatlarynyň çäginden çykyp, dostanalygyň, myhmansöýerligiň bir parçasyna öwrülendigini arkaýyn aýtmak bolar. Elbetde, bolmalysam şeýle. Myhmansöýerlik — bu biziň baý taryhymyzy, gelip çykyşymyzy, aslyýetimizi, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy açyp görkezýär.

Gün-günden giňeýän we berkeýän halkara hyzmatdaşlyklar, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyksöýüjilik syýasaty, ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri — bularyň ählisi ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny dünýä derejesine ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredýän şertlerdir. Biz hem şeýle şertleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Taýýarlan Baýgeldi ÇARYÝEW 

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň

meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi