SPORT

“Milan” derbisinde “Inter” gazandy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda “Milan” derbisi oýnaldy. Italiýanyň Milan şäheriniň 2 topary  – “Milan” bilen “Inter” toparlary duşuşdy. Duşuşykda myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Inter” topary jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy.

20 ýyldan soňra Çempionlar ligasynda duşuşan bu iki toparyň oýny Milan şäherindäki “San Siro” stadionynda geçirildi. 75 müňden gowrak futbol janköýeri gatnaşdy.

Ispan emin Hesus Gil Manzanonyň eminli eden duşuşygynda “Inter” toparynyň gollaryny 8-nji minutda Edin Jeko we 11-nji minutda bolsa Genrih Mkitarvan gecirdi.

Jogap duşuşygy 16-njy maýda geçiriler.

Bu ýeňiş bilen “Inter” topary mundan ozal Çempionlar ligasynda 4 gezek duşuşan “Milan” toparyny ilkinji gezek ýeňmegi başardy.

Related posts

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

14-nji oktýabrda Türkmenistan Şri-Lankany kabul eder

Türkmenistanyň “Galkan” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment