JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Awazada duşuşdy

Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Mejlise şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa German gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bu mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisi, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň zenanlarynyň Dialogy, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň milli tagamlarynyň Halkara festiwaly bilen bir hatarda, ykdysady we medeni häsiýetli ugurdaş çäreleriň birnäçesine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler.

Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirildi. Çäre döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary bilen başlandy. Soňra Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň Prezidentleriniň bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň giriş çykyşynda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge, Merkezi Aziýa sebitiniň yklym we global hereketlere netijeli hem-de işjeň gatnaşmagy babatda güýçli herekete getiriji faktor bolmagy babatda has işjeň we anyk ädimler ugrunda şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelendikleri üçin kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna seretdiler. Sebit durnuklylygynyň meseleleri boýunça işjeň pikirler alşyldy. Prezidentler sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara ösüşiň derwaýys temalary boýunça pikir alyşdylar. Olar şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň DIM-leriniň arasynda yzygiderli bäştaraplaýyn duşuşyklary geçirmek arkaly daşary syýasy hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ylalaşdylar.

Mejlisiň barşynda Prezidentler Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkentde geçirilen Konsultatiw duşuşygynyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitiň geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan ähmiýetini bellediler, köpasyrlyk taryhy, ruhy hem-de medeni meňzeşlikler bilen baglanyşýan döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesini nygtadylar. Bularyň ählisiniň diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş Ýewraziýanyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigi nygtaldy.

Energiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge, bar bolan ulag geçelgeleriň netijeli işlemegini goldamaga we täze ulag geçelgeleri döretmek arkaly sebitiň döwletleriniň arasynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çykyşynda: “BMG-niň resminamalaryna esaslanmak bilen, biz energiýa çeşmelerine bolan içerki sebit islegleri kanagatlandyrmaga we halkara ulag geçelgeleri arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen howpsuz, durnukly energiýa hyzmatdaşlygy üçin amatly syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek ýolundan barýarys” diýip belledi.

Prezidentler söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport-import harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly pikirler alyşdylar. Özara haryt dolanyşygynyň we senagat hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýasyny ýokarlandyrmak babatda ylalaşyklar gazanyldy.

Duşuşygyň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri, ol hem pandemiýa garşy göreşmekde sebitiň döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boldy. Prezidentler täze görnüşli ýokançlaryň gelip çykyşynyň tebigatyny öwrenmek, şeýle-de bejermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak  babatda bilelikdäki barlaglary guramaga we höweslendirmäge ylalaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Soňra Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany gowşurmak dabarasy geçirildi. Geçirilen Konsultatiw duşuşykda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Prezidentleriniň kabul eden çözgüdine laýyklykda, Hormatly nyşan Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, halkara jemgyýetçiliginde sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki gyzyklanmalaryny we başlangyçlaryny  ilerletmekde alyp barýan hyzmatlary üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona gowşuryldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly nyşany gowşurdy.

Soňra Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa Germanyň metbugat duşuşygy geçirildi.

Şeýle-de şol gün Prezidentler Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisine we Merkezi Aziýanyň döwletleriniň milli tagamlarynyň Halkara festiwalyna baryp gördüler.

Günüň ahyrynda döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýanyň döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konsertine hem-de resmi agşamlyk naharyna gatnaşdylar.

 

Awaza: Türkmenistan Merkezi Aziýa tebigy gazyň eksport möçberini artdyrar

 

Awaza: Täjigistanyň Prezidenti Hormat nyşany bilen sylaglandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady