JEMGYÝET

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk  forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Bu foruma başlyklyk edýän Türkmenistan tarapynyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžin, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew Aşgabada geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde geçirilen forumyň başynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleri baýdaklaryň öňünde surata düşdiler. Soňra myhmanhananyň foýesinde Türkmenistanyň, Koreýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli medeniýeti, taryhyny hem-de syýahatçylyk merkezlerini açyp görkezýän sergä aýlanyp görüldi.

Türkmenistanda ilkinji gezek saparda bolýan Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Pak Çžin öz ýurdunyň sergi diwarlygynda 2030-njy ýylda geçiriljek EKSPO Bütindünýä sergisine dalaşgär görkezilen Koreýa Respublikasynyň Pusan şäheriniň tumaryny Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrlerine sowgat berdi we ýadygärlik surata düşdiler.

Soňra forumyň resmi açylyş dabarasy boldy. Onda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk  forumyna başlyklyk edýän Türkmenistanyň köp sanly çäreleri gurnandygyny belledi. Şeýle hem ol bu gezekki forumy gurnamak üçin goldaw beren Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Forumyň çäklerinde Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-logistika, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, syýahatçylyk, ylym-bilim, maglumat tehnologiýasy, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasynyň» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Ýaş telekeçileriň Işewürlik maslahaty, 2-nji noýabrda «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasynyň» işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisi hem-de Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 5-nji mejlisi geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi