SPORT

Mbappe 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy

Soňky ýyllarda futbol äleminde meşhurlyk gazanan Kilian Mbappeniň dogany Ethan Mbappe hem Fransiýanyň “PSŽ” toparynda oýnar. Ol bu topar bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

Fransiýanyň milli çempionatynyň güýçli toparlaryndan “PSŽ” toparynda oýnaýan Kilian Mbappeniň dogany Ethan hem bu toparda oýnar. 15 ýaşyndaky Mbappe 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Mbappe bilen bir hatarda Senni Mayulu hem bu toparyň düzümine goşuldy.

Umuman, Fransiýanyň “PSŽ” topary düzümini güýçlendirmek hem-de ýaş futbol ýyldyzlaryny ýetişdirmek üçin täze futbolçylary satyn alýar.

 

Ata kesbi – agtyga-da halal

Related posts

Çempionlar ligasy: “Real Madrid” ýeňmegi başardy

Rafael Leau “Galatasaraý” futbol klubyna geçdi

Eriksen ahyry meýdançalara dolanýar

Ata Watan Eserleri