SPORT

“Mançester Sitiniň” ynamly ýeňşi we Holandyň rekordy

Angliýanyň futbol çempionatynda çempionlyk ýaryşy barha gyzyşýar. Çempion bolmak mümkinçiligi gaty uly bolan “Arsenal” topary soňky tapgyrlarda yzly-yzyna utuklar ýitirip, çempion bolmak mümkinçiligini elinden giderip barýar.

Onuň esasy bäsdeşi “Mançester Siti” topary bolsa, ynamly ýeňişleri bilen utuklarynyň sanyny artdyrdy. Çempionatyň 33-nji tapgyrynda Angliýanyň çempionatynda ýylyň duşuşygy geçirildi. “Mançester Siti” topary öz meýdançasynda çempionatyň kerwenbaşysy “Arsenal” toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.

Häzirki wagtda Angliýanyň çempionatynda “Arsenalyň” 75, “Mançester Sitiniň” 73 utugy bar. Ýöne “Siti” toparynyň 2 ätiýaçdaky duşuşygy bar. Şol duşuşyklarda hem ýeňiş gazanan halatynda “Siti” ýene-de çempion bolar.

“Siti” toparynyň ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşan norwegiýaly Erling Holand çempionatyň rekordygyny gaýtalady. Ol Angliýanyň çempionatynda bir möwsümde 33 gol geçirdi. Ol Mohammed Salahyň rekordyna şärik boldy we ondan geçdi.

Holandyň çempionatyň rekordçysy bolmagyna hem az galdy. Alan Şirer we Endi Koul bir möwsümde 34 gol geçirne futbolçylardyr.

Norwegiýaly futbolçy çempionatyň galan tapgyrlarynda gollar geçirip, öz rekordyny has-da artdyryp biler.

Related posts

Ronaldo Aziýanyň Çempionlar ligasy bilen hoşlaşdy

Futbolda täze rekord

21 ýaşdan uly bolmadyk iň gowy futbolçylar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment