BILIM

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

2024-nji ýylda lukmanylyk boýunça Nobel baýragyna alymlary Wiktor Ambros we Gari Rawkin mynasyp boldy. Bu alymlaryň mikroRNA molekulalaryny amak babatda alyp baran ylmy işi ýokayr baha mynasyp boldy. Bu barada Stokgolmdaky Nobel komiteti habar berdi.

Alymlary mikroRNA molekulanyň üstüni açmak bilen, olaryň gendäki ornuny açyp görkezdiler. Bu molekula adam organizminiň hereketinde we ösüşinde binýatlyk orun eýeleýär.

Nobel baýraga mynasyp bolan Wiktor Ambros 1953-nji ýylyň 1-nji dekabrynda dünýä indi we 1979-njy ýylda Massausets tehnolgik institutynyň doktorlyk derejesini aldy. Köp sanly ylmy işleriň awtory bolan Ambros mikroRNK molekulasyny ilkinji açanlaryň biridir.

Rawkin bolsa 1952-nji ýylyň 26-njy martynda dünýä indi we Garward uniwersitetinde okady. Ol Ambros bilen bu molekulanyň üstünde işläp, Amerikayň Yym we sungat akademiýasynyň agzasydyr.

Amerikaly alymlar 11 million şwed krony pul baýragyna eýe boldular we bu baýragy özara paýlaşarlar. Takmynan 1 million ýewro möçbedindäki bu baýrak alymlara şu ýylyň 10-njy dekabrynda Stokgolmda gowşurylar.

2023-nji ýylda lukmanylyk we fiziologiýa ugry boýuna Nobel baýragyna Katalin Kariko we Drýu Waýsman mynasyp bolupdy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar