DÜNÝÄ

Lawrow Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazar deňziniň güni mynasybetli Hazarýaka döwletleriň Russiýadaky ilçileri – Azerbaýjanyň ilçisi Polat Bülbülogly, Eýranyň ilçisi Kazem Jalali, Gazagystanyň ilçisi Dauren Abaýew we Türkmenistanyň ilçisi Batyr Niýazlyýew bilen duşuşdy. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşykda Hazar sebitindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy. Hazar bäşlisiniň arasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Moskwa şäherinde öňde boljak Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşyldy.

Sergeý Lawrow Hazar deňzini gyzyklandyrýan ähli ugurlar boýunça giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem Hazaryň saýlaşmagy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçdi. Bu barada 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen VI Hazarýaka sammitinde hem maslahatlaşylandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy