SIZDEN GELENLER

Kitaplar barada biläýmeli zatlar…

Kitap adamzat paýhasynyň dürdänesini ýygnaýar ony nesilden-nesle geçirýär. Kitap bilimleriň çeşmesi hasaplanýar. Durmuşda ynsanyň iň ýakyn we ynamdar dosty hasaplanýan kitaplar barada bilmeýän zatlarymyz kän bolsa gerek.

Olaryň görnüşleri-de, atlandyrylyşlary-da dürli-dürlidir.

  • Dünýädäki iň kiçijik kitap Anton Pawlowiç Çehowa degişli bolan “Hameleon” kitabydyr. Bu kitap 1966-njy ýylda döredilip, kitap 11 setirden 30 sahypadan ybaratdyr. Onuň boýy 0,9 sm ýetipdir. Bu kitap 2002-nj iýylda dünýäniň iň kiçi kitaby hökmünde rekordlar kitabyna girýär.
  • Basma harplar bilen ýazylan iň galyň kitabyň ady WIKIPEDIAL bolup, ol 5000 sahypadan ybarat. Bu kitap Rob Metýusa degişli.
  • Dünýädäki iň äpet kitap “Çagajyklaryň dünýädäki iň uly kitaby” diýlip atlandyrylyp, onuň uzynlygy 6 metr, ini 3 metr, agramy 492 kg-a deňdir. Belläp geçmeli zat bu kitap 4 sahypdan ybarat bolup, onda bary-ýogy 12 goşgy ýerleşdirilipdir.
  • Dünýäniň iň agyr kitaby ‘Geografik atlas”diýlip atlandyrylyp, ol London şäherindäki Britan muzeýinde ýerleşýär. Bu kitabyň beýikligi 1 metr bolup, onuň agramy 320 kilograma barabar.
  • Dünýädäki iň gymmat satylan kitap “Lesteriň kodeksi” diýlip atlandyrylýar. Kitap belli italýan hudožnigi Leonardo da Winçiniň sungat eserleri hem-de olaryň syrlary hakda ýazylypdyr. Ony Bill Geýts 30,8 million dollara satyn alypdyr.
  • Dünýädäki iň köp çap edilen kitap “Britaniýanyň parlament dokumenti” diýlip atlandyrylyp, ol dünýäse birinji gezek 6 ýyllap gije-gündiz neşir edilen resminama hasaplanýar. Kitap 1112 tomdan ybarat bolup, onuň umumy agramy 3300 kg-a barabardyr.
  • Iň gadymy kitap biziň eramyzdan öňki I asyra degişli bolup, ol Müsürde papirusa ýazylypdyr.

 Aýlar Atajykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Azerbaýjan bilen Kataryň arasynda wiza ýatyryldy

 

 

Related posts

Dil öwrenmek – döwrüň talaby

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — abadançylygyň nusgasy

Ýaş nesli ylma gönükdirmegiň döwrebap taglymatlary

Ata Watan Eserleri